,

Jandarlaryň çagalaryna näme diýilýär?

Babyr — gaplaňyň çagasy;

Balaguş — elguşuň çagasy.

Güjük – itiň çagasy;

Göle – sygryň, sugunyň çagasy;

Guzy – goýnuň çagasy;

Gurt — siňegiň çagasy;

Gijen, mawyja — pişigiň çagasy;

Goduk — gulanyň çagasy;

Köşek – düýäniň çagasy;

Kürre – eşegiň çagasy;

Köretene — balygyň çagasy;

Jüýje – towugyň, käkiligiň, ördegiň, gazyň çagasy (ýumurtgadan çykanda ýelekli bolýanlaryň ählisi);

Joş — ýüpek gurçugynyň çagasy;

Şirbeçe – ýolbarsyň çagasy;

Çebşek – towşanyň çagasy;

Çekirge — çekirtgäniň çagasy;

Tula – şagalyň çagasy;

Taý — ýylkynyň çagasy;

Tokar — keýigiň çagasy;

Toýçy — tomzagyň çagasy;

Owlak – geçiniň çagasy;

Ýylançyr — ýylanyň çagasy;

Ýylpyz — tilkiniň çagasy;

Etene — guşuň çagasy ( ýumurtgadan çykanda ýeleksiz bolýanlar: gumry, garlawaç, bürgüt);

Üzüt — möjegiň çagasy;

Mütrük, gäne — sakyrtganyň çagasy;

Merdek — aýynyň çagasy;

Itbalyk — gurbaganyň çagasy;

Leave a Reply

Your email address will not be published.