,

DÜNÝÄDÄKI IŇ BAGTLY ADAM BOLMAK ÜÇIN…

Ynam alada-ünjüleri gidirer, gaýgy-gamlaryňy aýrar. Geçen geçdi, giden gitdi. Geçen zatlar hakda pikire çümme. Ol zatlar eýýäm sowuldy we sowady. Takdyryň üýtgewsizligine, paýlanyp berlen rysgyňa, ähli zadyň takdyr esasynda hasyl bolýandygyna razy bol we darygyp ýörmegiňi bes et! Hiç kimseden hoşallyga, Taňryýalkasyna garaşma! Ýaradanyň berjek sogaby ýeterlikdir. Gadyr bilmezlikden, göriplikden we kine-kitüwlerden saňa näme haýyr bar? Ertire sag-aman çykan bolsaň, şu günüň çäklerinde ýaşa. Ähli oý-pikiriňi şu günüňi ganymat geçirmäge gönükdir. Gelýänçä, geljegi bir gyra goý we ertir üçin şu wagtdan alada etme! Eger-de sen şu gününi düzeltseň, ertiriň öz-özi düzeler gider. Ýüregiňi göriplikden arassala, kine-kitüwden tämizle! Kalbyňdan kineçilligi çykar we öýke edip ýörme, ýüregiňe gerekmejek ýük urma! Ýagşy işiň gyrasynda görünmeýän adamlaryň golaýyna barma, ýaramazlardan üzňe bol! Olar bilen bolanyňdan, öýüňde ýeke oturanyň ýegdir. Öz işiňe meşgul bol! Gereksiz ýere gerekmejek jemende bilen garym-gatym bolup ýörme! Dostlaryň iň gowusy kitapdyr. Kitaplar bilen söhbetdeş bol. Ylma ýoldaş bol, bilim-düşünjä dost bol! Älem düzgün-tertip esasynda bina boldy. Sen hem geýim-gejim, üst-baş, öý, iş stoluň we ýerine ýetirmeli wajyp işleriň babatda hemişe düzgün-tertibe eýer! Äleme seýil et! Owadan baglara göz aýla, gezim et! Tebigatyň täsinliklerini synla we lezzet al! Gözellikden gözüň hem-de göwnüň gansyn! Oýlan, manysyna düşün! Şonda dünýäň giňelip, umyt yşyklary ýoluňy ýagtyldar. Pyýada ýöremäge we sport bilen meşgullanmaga endik et! Ýaltalykdan we ýaýdanjaňlykdan daşlaş! Boş wagtdan, boş oturmakdan we bikärlikden uzak dur! Taryhy oka, onuň geň-täsinlikleri hakda pikirlen! Ajaýyp zatlaryndan nusga alyp, ýerine ýetirmäge çalyş! Onuň kyssalaryndan we habar-gürrüňlerinden lezzet al, görelde al! Durmuşyňa täzeçillik giriz, kesp-gazanç usullarynyň dürli-dürli ýollaryny gözle! Endik eden birsyhly durmuşyňy gowulyga tarap özgert! Egin-eşigiň arassa bolmagyna we üstüňden ýakymly ysyň gelip durmagyna üns ber! Daşky keşbiň gelşikli we her bir zadyň ýerbe-ýer bolsun. Lapykeçligi, göwniçökgünligi, umytsyzlygy we dünýäden doýgunlygy oýarýan kitaplary okama! Dogrusy, sagdyn akyl we sagat beden, saglyk berendigi, görmäge göz, eşitmäge gulak berendigi, rysgyňy ýetirip durandygy, bala-çaga, zürýat-perzent bagyş edendigi üçin, aýbyňy örtüp, günäňi ötýändigi üçin, Ýaradana şükür et! Saňa ýamanlyk edenleri, nähak garanlary bagyşla! Seni bir zatdan mahrum edenlere sen bir zatlar eçil! Saňa ýowuz daranlara, sen ýumşak dara. Şeýtseň, sen şatlyk-şadyýanlygy we aman-asudalygy taparsyň, gazanarsyň. Daş keşbiňe, sypat-syratyňa, ukyp-başarnygyňa, maşgalaňa, bala-çagaňa, öý-içeriňe kanagat gözi bilen bak! Şonda hakyky rahatlygy we bagtyýarlygy taparsyň. Hemişe ýagşy umytda bol, günlerden umydyňy kesme!

Leave a Reply

Your email address will not be published.