,

Halk hazynasyndan: Haýwanlar bilen baglanyşykly yrymlar, aýtgylar

Baýguşa baýguş diýmeli däl. Baýogly, baýhatyn diýmeli. Baýguş diýseň: “Gan gus” diýermiş.

Sygyr horan, guýrugy uzyn bolsa süýtlek bolýar, gowy görülýär. Ata- -babalarymyz: «Sygryň horany — hudanyň bereni” diýip ýöne ýerden aýtmandyrlar.

Goýun:«Garnymy doýur, gara sok”, geçi: “Garnymy doýur, köze sok” diýermiş

Haýwanlaryň şasy ýolbarsa gabat gelseň: «Şirim, şirim, sen meniň pirim” diýp üç gezek gaýtalasaň, ol adama degmezmiş.

Möjege gurt diýmeli däl, agzyýaman, meýdan iti diýmeli. Gurt diýseň, ol derrew gelermiş. “Gurt agzasaň gurt geler” diýen nakyl şondan dörän bolsa gerek.

Alahekek jakyrdasa: “Haýyr çagyr, toýa çagyr, hoş habar getir” diýip kowmaly.

Leave a Reply

Your email address will not be published.