,

Ýyldyzlar näme diýýär? – Täleýnama – 2022

Hamal (guzy 21.03-20.04)

Geljek hepde hamallar öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmek üçin işlerine has çynlakaý çemeleşmeli bolarlar. Özüňize nätanyş we çylşyrymly görünýän meýilnamalary oňat gözden geçirseňiz, dogry hasap edýän meseleleriňizde aýgytly hereket etseňiz, siziň üçin bähbitli bolar.

Sowur (öküzçe 21.04-20.05)

Käwagtlar sowurlar wakalara gereginden artyk üns berýändigine biraz giç düşünýärler. Ýöne geljek hepdede şol meseleleri çözüp, ähli ünsüňizi işleriňize gönükdirmek size kyn düşmez. Şahsy durmuşyňyzda köpden bäri pikirlenip ýören möhüm çözgütleriňizi kabul edip bilersiňiz.

Jöwza (ekizekler 21.05-21.06)

Geljek hepde meýilleşdirýän işlerini amala aşyrmak üçin jöwzalaryň ilkinji etmeli hereketi maddy ýagdaýyny gözden geçirmek bolar. Çünki çykdajynyň yzygiderli artmagy sizi ýakyn geljekde oňaýsyz ýagdaýda goýup biler. Hepdäniň dowamynda goşmaça girdeji çeşmeleriň gözleginde bolup bilersiňiz.

Seretan (leňňeç 22.06-22.07)

Kabul edýän çözgütleriniň töweregindäki adamlaryň durmuşyna hem täsirini ýetirýändigine seretanlaryň düşünmegi gerek. Öňümizdäki hepde bular hakynda giňişleýin pikirlenseňiz, oňat bolar. Iş ýerleriňizde täze meýilnamalara jogapkärçilikli çemeleşmelidigini unutmaň!

Eset (ýolbars 23.07-23.08)

Köpden bäri çekýän zähmetiniň netijeleri geljek hepde esetleri begendirer. Dörejek mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, işiňizde şowly ädimleri ädip bilersiňiz. Bu döwürde täze tanyşlaryň tekliplerini kabul etmekde alňasaman, olaryň özüňize peýdaly taraplaryny gözden geçiriň!

Sünbüle (gyz 24.08-23.09)

Edýän gyssanmaç hereketleri sünbüleleri käwagtlar çykgynsyz ýagdaýda goýup bilýär. Geljek hepdede ýyldyzlar iş ýerleriňizde edýän hereketleriňize ünsli bolmagy duýdurýar. Gerek ýerinde saklanmagyň we indiki ädimler hakynda çuňňur pikirlenmegiň peýdalydygyny unutmaň!

Mizan (terezi 24.09-23.10)

Geljek hepde mizanlaryň iş we şahsy durmuşynda diňe öz pikirleri bilen hereket edýän döwri bolar. Sizi birahat edýän ýagdaýlary üýtgetmek üçin başyny başlajak hereketleriňiz ýakyn geljekde öz miwesini berer. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzda hereketleriňize ünsli boluň!

Akrap (içýan 24.10-22.11)

Öňümizdäki hepde islendik işde duýguçyl hereket etmegi saýlajak akraplar jemgyýetçilik gatnaşyklaryna ünsli bolsa oňat bolar. Bu döwürde siziň üçin iň bähbitlisi uzak möhletli şertnamalary baglaşmakdan, täze şärikdeşleri edinmekden saklanmak bolar.

Kowus (keman 23.11-21.12)

Geljek hepde kowuslar käbir işlerini amala aşyrmagy soňa goýmak islärler. Ýöne häzirki döreýän amatly pursatlaryň soň gaýtalanmazlygy hem mümkin. Aýgytly netijeleri kabul etmek üçin hepde amatly bolar. Saglyk ýagdaýyňyza ünsli bolmak maslahat berilýär.

Jedi (owlak 22.12-20.01)

Geljek hepde jediler meýilleşdiren işleri üçin ätiýaçlyk meýilnamalary düzmeli bolarlar. Çünki işleriňiz siziň pikir edişiňizden düýpgöter tapawutly netijeler bilen tamamlanyp biler. Muny hepdäniň dowamynda ýüze çykjak wakalar aýdyňlygy bilen görkezer.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Öňümizdäki hepde daluwlaryň şahsy durmuşynda etjek hereketleriniň ählisi olaryň biraz özüni ýalňyz duýýanlygyndan gözbaş alar. Bu döwürde ýakynlaryňyzyň sizi goldaýandygyny olaryň özlerinden eşitmek islärsiňiz. Iş meselelerini biraz öz akymyna goýberiň!

Hut (balyk 21.02-20.03)

Geljek hepde hutlar özlerini öňkülerinden hem biraz şadyýan alyp bararlar. Aslynda, bu siziň öz işleriňize täzeçil garaýyşlar bilen çemeleşmegiňize ýardam berýär. Käbir düşünişmezlikleriň ýüze çykmagyna garamazdan, hepdäni işjeň ýagdaýda geçirip, oňat netijeler bilen tamamlap bilersiňiz.

Janyňyz sag, işleriňiz ugruna bolsun!

Leave a Reply

Your email address will not be published.