,

“EJIZLEMEN” – Dursun TEKÄÝEWA

EJIZLEMEN

Ejizlemen, “ejizleme” diýipdiň,
Öwüdiň ýüregme gurbatdyr, käbäm.
Eňredeni ezizleme diýipdiň,
Pentleň paýhasyma nurbatdyr, käbäm.

Aýlara, günlere salym ýok eken,
Bir gidene gaýdyp gelim ýok eken,
Sensiz hiç bir zada çemim ýok eken,
Mähriň ykbalyma şerbetdir, käbäm.

Mert gördüňmi, goýup ötägitdigim,
Bilýäň-ä synaglaň ýowuz, betdigin,
Her sözüni kalba doga etdigim,
Eda süýegime serhetdir, käbäm.

Mysalasy arzuw kibi pägimdiň,
Seni ýatlap “huzuryňda” sägindim,
Wah, awundym, gideniňde awundym,
Takdyryň ömrüme mezhepdir, käbäm.

2 Replies to ““EJIZLEMEN” – Dursun TEKÄÝEWA”

Leave a Reply

Your email address will not be published.