,

“BEREKELLA” DIÝSENE – Dursun TEKÄÝEWA

“BEREKELLA” DIÝSENE

Ynha, howlymyzy tämizläp çykdym,
Eje, maňa “berekella” diýsene.
Seret, seniňki deý gyzgyn nan ýapdym,
Eje, maňa “berekella” diýsene.

Şol sözüňi küýseýä-le, ýüregim,
Neden gözden gaýyp bolduň geregim,
Mähri umman, syrdam boýly deregim,
Eje, maňa “berekella” diýsene.

Gel, ikimiz bişireli çapady,
Goý, çöşlensin ýatlamalaň sapagy,
Bolup Arşyň ýere düşen çapary,
Eje, maňa “berekella” diýsene.

Uýalarym bilen ýatlap otyrys,
Hakyda depderin gatlap otyrys,
Çagalyk ýyllara ätläp otyrys,
Eje, maňa “berekella” diýsene.

Ak towuklar käkeleýär ketekde,
Ala göle bökjekleýär ýatakda,
Iň bolmanda, Arşdan yşyklap bak-da,
Eje, maňa “berekella” diýsene.

Berekellaň bilen ulaldyk bagtly,
Şol sözüňi eşitmek neneňsi bagtdy,
Neýleý, pelek şol bagta gussa gatdy,
Eje, maňa “berekella” diýsene.

Leave a Reply

Your email address will not be published.