,

HOWPLY ÝAGDAÝ: Aýyň üstüne 3 tonnalyk emeli kosmos raketasy gaçdy

5-nji martda gije sagat 03:00-da, 2.7 tonnalyk kosmos raketasynyň bir bölegi sagatda 9,288 km tizlik bilen Aýyň üstüne gaçdy. Gaçan kosmos raketasy 7 ýyl töweregi aragatnaşyk ulgamy boýunça Ýer üçin hyzmat beripdi.

Aýyň üstüne gaçan kosmos raketasy Aýdaky iň uly we howply “Hertzsprung” kraterine baryp degendigi çak edilýär. Eger çakalamalar dogry çyksa onda Aýdaky bu uly krater ýene işjeň ýagdaýa geçip uly tebigy betbagtçylyklara ýol açjakdygy we ýüzlerçe kilometre ýetýän tozan buludynyň döräp biljekdigi aýdylýar.

Astronom alymlar bu hadysanyň ilkinji gezekligine ünsi çekýärler. Ýagny, Aýa ilkinji gezek adam eli bilen ýasalan örän uly kosmos raketasy gaçýar. Bu kosmos raketasy Hytaý döwleti tarapyndan 2014-nji ýylda Aýa uçurylan raketa hasaplanýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.