,

“Eje” Gyzylgül ANNAGYLYJOWA

Agyr eken durmuş ýüki çekerden,
Durmuşdan men juda ýadadym eje.
Durmuş allaryna öwrüm gurardan,
Men juda, men juda sadadym eje.

Sadalygy niçik guýduň kalbyma,
Ýa-da meniň hamyrmaýam şolmudy.
Sadalykdan ejir çekdim her zaman,
Her ädimde göwnüm syndy gülmedi.

Göwnüm ýaly göwün tapman jahanda,
Urundym, çar ýana galgadym eje,
Ynjytmajak bolup emen ak süýdüm,
Gizlenip kän gezek agladym eje.

Ynandym ýalanlar, allar ýok deýin,
Emma bar ekeni, soň bildim eje.
Görsene, ynanjaň sada gyzyňy,
Durmuşam keýp edip aldady nije.

2 Replies to ““Eje” Gyzylgül ANNAGYLYJOWA”

Leave a Reply

Your email address will not be published.