,

Internetde berilýän ýalňyş maglumatlar

Bilýändiris diýip pikir edýän käbir maglumatlarymyza birneme ýagtylyk bermegiň wagty geldi. Aşakdaky maglumatlary öwreneniňizde, haýsy maglumatyň nädogrylygyna göz ýetirersiňiz.

Ynamsyz çeşmeden alnan maglumatlar wagtyň geçmegi bilen halk içine ýaýrap, hatda uly adamlaryň hem umumy pikirine öwrülip barýar. Şeýle-de bolsa, biz bu maglumatlary ynamly çeşmeler arkaly seljerip size ýetirmegi makul bildik.

  1. Beýnimiziň diňe 10% -i işleýär. ÝALŇYŞ

Bu nädogry maglumata hat-da ýokary bilimli adamlar hem ynanýar. Bu diňe filmlerde bolýar. Adam beýnisi boýunça geçirilen ylmy gözlegler bir günüň dowamynda beýnimiziň ähli bölümleriniň doly ýagdaýda işleýändigini görkezýär.  Eger beýniniň diňe bir bölegi işleýän bolsady onda haýwanlar ýaly diňe şol bir hereketi (iýmitlenmek, uklamak) gaýtalap ýörerdik.

  • Adamlar şimpanzelerden emele geldi. ÝALŇYŞ

Ewolýusiýany inkär edýänler, adamlaryň şimpanzelerden emele gelmändigini aýdýarlar. Aslynda olar dogry aýdýarlar. Ynsanlar häzirki zaman primatlaryndan gelip çykandyr öýdülýär. Çaklamalara görä, häzirki adamlaryň ata-babalary “orrorin”-den (başga bir maýmyn görnüşi) gelip çykandyr öýdülýär. Şimpanzeler bolsa başga bir maýmyn görnüşiniň ösen şahasyna degişli hasaplanylýar.

  • Höwürtgesinden düşen çaga guşy alyp gaýtadan höwürtgä goýsaňyz, ony ene guş islemeýär.  ÝALŇYŞ

Myş-myşlara görä, höwürtgedäki çaga guşlara ýa-da ýumurtgalara degseňiz, ene guş adam ysyny alyp olary ret eder. Gowşak ys alyş duýgusy bolan guşlar bolan adamyň ysyny tapawutlandyryp bilmeýärler. Höwürtgedäki çaga guşa ýa-da ýumurtga degseňiz mesele çykmaz. Ýöne höwürtgäni biynjalyk etmezlik möhümdir. Eger ene guş çagalaryna ýa-da ýumurtgalara degýäniňizi görse onda ýüz öwrüp bilerler.

  • Saçlar we dyrnaklar adam öleninden soň hem ösmegini dowam etdirýärler. ÝALŇYŞ

Hawa, jesetdäki saçlar we dyrnaklar uzyn görünýär, ýöne bu olaryň ösmegi sebäpli däl. Deriniň suwy ýitmegi we kiçelmegi bilen saçlar we dyrnaklar has uzyn görünip başlaýar.

  • Balyklar 30 sekuntdan soň hemme zady ýatdan çykarýar. ÝALŇYŞ

Bu esassyz maglumat dürli oýunlar we filmler bilen giňden ýaýrady, ýöne aslynda balygyň ýatkeşligi o diýen kütelen däl. Olaryň doly ýatdan çykarmagy 3 aýa çenli gidip biler.

  • Barmaklary şykgyldatmak zyýanlydyr. ÝALŇYŞ

Barmagyňyzy şykgyldatmak bilen edilýän ýeke-täk zyýan töwerekdäki adamlary ses bilen biynjalyk etmekdir. Lukman alymlaryň aýtmagyna görä, barmaklarda döreýän bogun agyry keseli hem barmak şykgyldatmak sebäpli döremeýär.

  • Albert Eýnşteýn matematika sapagyndan juda gowşakdy. ÝALŇYŞ

Eýnşteýn başlangyç synpda beýleki sapaklardan gowşak bolsada matematika sapagyndan synpyň iň göreldeli okuwçysydy. Eýnşteýn 15 ýaşyna ýetmänkä, diferensial we integral hasaplamalary özleşdiripdi.

  • Ýarganatlar kördür. ÝALŇYŞ

Ýarganatlar jisimlerden çykýan sesleriň şöhlelenmesi (ekolokasiýa) netijesinde garaňkyda öz ýollaryny tapyp bilýän we şeýdip aw edip bilýän jandarlar. Ýöne bu, ýarganatlaryň görüp bilmeýändigini aňlatmaýar. Olar ýagdaýa baglylykda käwagt görmek ukyplaryny ulanmagy makul bilýärler. Aslynda, ýabany görnüşleriň hemmesi ses şöhlelenmesini ulanmaýarlar. Bu görnüşleriň aýratyn gözleri bar, käbirleri ultramelewşe şöhlesini hem görüp bilýärler.

One Reply to “Internetde berilýän ýalňyş maglumatlar”

Leave a Reply

Your email address will not be published.