,

Planetamyza bir zatlara bolýar: Madagaskar adalary howp astynda

Soňky wagtlar ýaşaýan planetamyzda adatdan daşary bolýan hadysalar barha köpelýär. Eýsem, bu zatlaryň syry nämedekä? Biziň bilen galyň we ähli zatdan habarly boluň!

Batsirai diýlip atlandyrylýan äpet tupan Madagaskar adalaryna uly howp salmagyny dowam edýär. Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleri bu tupanyň azyndan 4,4 million adama zyýan ýetirjekdigini belledi. Ýurduň gündogar kenarýakasynda we paýtagt Antananariwodan 530 km günorta-gündogarda ýerleşýän Mananjary şäherine gelen bu tupan sagatda 250 kilometre çenli ýetýär.

Häzirki wagtda berilen habara görä tupan sebäpli pida bolanlaryň sany 10 adama ýetýär. Şeýle-de 12 sebitde 132 müňden gowrak adamyň howa şertleri sebäpli öýlerini terk etmeli boldy.

Çaklamalara görä tupan şeýle uly tizlik bilen hereket etse 150 müňden gowrak raýatyň öýsüz galmagyna sebäp bolar.

One Reply to “Planetamyza bir zatlara bolýar: Madagaskar adalary howp astynda”

Leave a Reply

Your email address will not be published.