,

Adam garrasa-da, beýnisi ýaş bolup bilermi?!

Bedenimiziň dolandyryjy synasy bolan beýni biziň görmegimizi, eşitmegimizi, hereket etmegimizi, duýmagymyzy, umuman, adam üçin zerur bolan ähli wezipeleri ýerine ýetirýär. Mahlasy, biz bilen bagly ähli zady ýönekeýje, bary-ýogy 1400 gram agyrlykdaky beýni amala aşyrýar. Şeýle çylşyrymly gurnalan synanyň işleýiş aýratynlyklaryna häzirler hem doly göz ýetirilenok. Alymlar: “Beýniniň näme edýänini bilýäris, ýöne näme etjegini bilmeýäris” diýip belleýärler.

Dogrusyny aýtsaň, beýni älem giňişligine meňzeýär. Älem giňişligi ýaly, beýniniň hem işleýiş aýratynlyklarynyň aňyrsyna ýetme ýok. Beýni agram taýdan bäş sany almanyň ýa-da alty sany pomidoryň agramyna deňdir. Bedendäki umumy kislorodyň hem ganyň jemi 20 göterimini beýni harçlaýar. Biz okaýan kitabymyzyň haýsy sahypasynda galandygymyzy beýnimizdäki 100 müň mil uzynlykdaky 100 milliard nerw öýjükleri we protein, ýag esasynda ýatda saklaýarys.

Garradygyça adamyň beýnisiniň işleýişi peselýär diýen çaklama bar. Eýsem, adam beýnisini nädip ýaş saklamaly?! Alymlar: “Munuň syry hereketlilikdedir” diýip, jogap berýärler.

Durmuşda “Gowrulan ýumurtgamy, gaýnadylan?!” diýen soraga her adam öz beýnisi jogap berýär. Köp ýagdaýlarda iýmiti dogry saýlamazlyk nädogry iýmitlenilmegine alyp barýar. Şol nädogry iýmitlenişiň esasynda hem dürli keseller ýaýbaňlanýar. Iň bärkisi, damar syrkawlygy ýüze çykyp, beýnä barýan kislorodyň we iýmit maddalarynyň berlişi peselýär. Bu bolsa, beýniniň kabul edişiniň ýaramazlaşmagyna getirýär. Beýniniň işjeň, çalasyn bolmagy üçin, her bir adam baglaryň arasynda köp gezim etmeli, ýygy-ýygydan pikirlenişi ösdürýän meselejikleri, krosswordlary, skanwordlary özbaşdak çözmäge çalyşmaly, ir-säherler ertirki maşklary berjaý etmeli, beýnä oňyn täsir edýän hoz-pisselerden iýmitlenmeli. Fiziki zähmet bilen akyl işjeňligini yzygiderli gezekleşdirip, sagdyn durmuş endiklerini berjaý etmeli.

Çeper eserleri okamak, daşary ýurt dillerini öwrenmek beýniniň çep ýarym şaryny, matematiki hasaplamalar, sanlar bilen bagly oýunlary oýnamak bolsa sag ýarym şaryny ösdürýär. Aýdym-saz diňlemek sag hem çep ýarym şarlaryň bilelikde ösmegine getirýär.

Gülälek ALLAKULYÝEWA.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *