,

“Men näme üçin dogdum Eje?!” Baýram BEJIDOW

Men näme üçin dogdum Eje?!

Bir Allaha uý diýerdiň,
Aýdyşyň deý uýdym eje!
Hyýallarňy goý diýerdiň,
Emma bilmän söýdüm eje!

Içde gizläp köýgülermi,
Zyňyp bilmän gaýgylarmy,
Duýma diýen duýgylarňy,
Bir gözelde duýdum eje!

Seýiklenen, daşdan gaty,
Aýdylmadyk sözlem ýatyr,
Ýürek diýlen garamaty,
Elim bilen soýdum eje!

Darkaş edip gahrym bilen,
Umytlanan şährim bilen,
Maňa beren mähriň bilen,
Özge birin çoýdum eje!

Boýun alyp ýanandygmy,
Bagt atyň çamandygny,
Indi bilip ýalandygny,
Ynanmagmy goýdum eje!

Umyt azaldy ogluňda,
Gussa asyldy boýnumdan,
Ykbalyň gurnan oýnundan,
Indi halys doýdum eje!

Ýörän ugrym çarkandakly,
Gözýaşym syrjak ýandakmy,
Ýazgydym diňe ýanmakmy?!
Men näme üçin dogdum Eje?!

One Reply to ““Men näme üçin dogdum Eje?!” Baýram BEJIDOW”

Leave a Reply

Your email address will not be published.