,

“ÖÝTDÜM” OGULNUR ATAÝEWA

“ÖÝTDÜM”

Çöşdüm bu gün bukja bagym,
Niýetläpdirin jorap baryn,
Şeýle bir gün şulaň baryn,
Geýersiň, geýersiň öýtdüm.

Nirelerden çykdyň, gör, sen,
Syr kändir ýüregimi dörseň,
Men yrman garaşyp ýörsem,
Gelersiň, gelersiň öýtdüm.

Jan edýän bolmasa aýyn,
Nädeýin, tapmadym maýyn,
Duýguçyl-da, men guraýyn,
Duýarsyň, duýarsyň öýtdüm.

Ýüzüň sowýaň sowal bersem,
Sähediňem belli görsem…
Sen Ejeme gelin borsuň,
Diýersiň, diýersiň öýtdüm.

Söýýän, söýýän diýseň menem,
Söýensiň, söýensiň öýtdüm.

5 Replies to ““ÖÝTDÜM” OGULNUR ATAÝEWA”

Leave a Reply

Your email address will not be published.