,

Ýurtlar ýenede serhetlerini ýapmaga başlady. BSGG: “ÝAGDAÝLAR KYNLAŞÝAR”

Ýakynda Günorta Afrikada ýüze çykarylan «Omicron» diýip atlandyrylýan täze korona wirus görnüşi dünýäni kyn ýagdaýa salmagyny dowam edýär. Täze görnüş sebäpli birnäçe döwletlerde howsalaly ýagdaý yglan edildi.

Russiýa Federasiýasy Günorta Afrika Respublikasyndan we şol döwlete goňşy ýurtlardan gelýän raýatlara iki hepdelik karantin girizdi.

Germaniýada hem täze görnüşli koronawirus keseliniň köpelmegi sebäpli öňüni alyş çärelerini ýene-de ýokarlandy.

ABŞ-da täze görnüşli koronawirus keseli bilen kesellän raýatlar käbir sebitlerde hasaba alyndy.

Singapurda hem «Omicron» bilen hassalanan ilkinji raýatlar hasaba alyndy şol sebäpli Singapur 7 sany Afrika döwletinden uçuşlar ýatyrdy.

Häzirki wagtda ýokarda agzalan döwletlerden başga-da Daniýa, Awstraliýa, Awstriýa, Italiýa, Ýaponiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Hindistan ýaly döwletlerde  täze görnüşli koronawirus keseli bolan «Omicron» hasaba alyndy. Bu wakalar sebäpli BSGG: “Ýagdaýlar kynlaşýar” diýip beýanat berdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.