,

«Covid-19»-yň täze görnüşi: «Omicron»

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Günorta Afrikada ýüze çykarylan täze görnüşli korona wirusy «Omicron» diýip atlandyrdy. BSGG-nyň beren beýannamasynda «Deslapky gelinen netijelere görä, täze ýüze çykarylan görnüş örän ýokanç, bu bolsa töwekgelçiligi hasda ýokarlandyrýar» diýip bellenilýär.

Soňky üç ýyl bäri millionlarça adamyň ölümine sebäp bolan COVID-19 wirusy, häzir hem mutasiýa geçirmegini dowam etdirýär. Sanjymlaryň bardygyna we sanjym edilenleriň sanynyň köpelendigine garamazdan, mutasiýa wirusy sebäpli pandemiýa prosesi entägem dowam edýär.

Täze dörän görnüş howlylygy sebäpli adamlara, hünärmenlere we häkimiýetlere täze çäreleri görmäge mejbur edýär. Täze ýüze çykarylan korona wirusyny Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy «B1.1.529» diýip atlandyrdy. Bu görnüş ilki Günorta Afrikada ýüze çykaryldy.

Hünärmenler, täze görnüşiň esasan ýaş ýetginjeklerde, erkeklerde şeýle-de sanjym almadyk adamlarda duş gelýändigini belläp,  bir ýa-da iki günüň dowamynda myşsalarda agyry, ýadawlyk, ysgynsyzlyk, işdäsizlik, käbirlerinde ýumşak üsgülewük  ýaly alamatlaryň bolýandygyny aýdýarlar. Şeýle-de lukmanlar bu görnüşiň öňküler ýaly tagam we ys bilmezlik alamatlaryny ýüze çykarmaýar diýip belleýärler.

Käbir döwletler bu täze has howply korona wirus görnüşi sebäpli çäklendirmeler girizip, serhetlerini ýapmaga karar berdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.