,

“SAŇA NÄME BOLDY?” SAPA HOMMADOW

“Dünýäm, saňa näme boldy?
Gurbandurdy Orazow

“SAŇA NÄME BOLDY?”

Ýaryň aýak yzy galan,
Ýolum, saňa näme boldy?
Jemalyny gözlän sagym –
Solum, saňa näme boldy?

Jogapsyz soraglar bile,
Gezýän bagry dile-dile,
Guwanan Güle-Bilbile,
Ilim, saňa näme boldy?

Küýsäp gijeleň daňyny,
Howluganym, wah, ýaňydy…
Syryp-süpüren gamymy,
Silim, saňa näme boldy?

Ine, men – çensiz özgeren,
Sözde durmady söz beren …
Köp aýralyga döz gelen,
Bi:lim, saňa näme boldy?

Ýarym müşk saçýar saýryda,
Men ilerde, ol gaýrada …
Ýuwudyldyňmy?! Saýra-da!
Dilim, saňa näme boldy?..

4 Replies to ““SAŇA NÄME BOLDY?” SAPA HOMMADOW”

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *