,

Owganystandaky teleýaýlymlaryň işine täze düzgünler girizildi

Owganystandaky “Talyban” hökümeti teleýaýlymlar üçin sekiz sany täze düzgün girizdi. Düýpli çäklendirmeleri öz içine alýan bu düzgünlere görä zenan aktýorlar indi owgan teleseriallarynda görkezilmez. Zenan alyp baryjylar we žurnalistler çykyş edenlerinde hökmany ýagdaýda başyny örtmeli bolarlar.

Şeýle-de ýurtda şerigat kanunlaryna we owgan medeni gymmatlyklaryna ters gelýän filmler gadagan ediler. Mundan başga-da, komediýa we güýmenje telegepleşikleri hem çäklendiriler.   Ýurtda daşary ýurt kinolary hem görkezilmez.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *