,

“DÜNÝÄM SAŇA NÄME BOLDY?” Gurbandurdy Orazow


“DÜNÝÄM SAŇA NÄME BOLDY?”

Törüňe düşdümi talaň,
Dünýäm saňa näme boldy?
Kerwenden üzülip galan,
Düýäm saňa näme boldy?

Dabany derde daglanan,
Depesi gökde garlanan,
Harlar içinde harlanan,
Haýam saňa näme boldy?

Bagryny owmaç deý owan,
Jigeri çeşminden çowan,
Saňa näme boldy, dogan,
Uýam saňa näme boldy?

Duýgularym alasarmyk,
Gamly başy ala garly,
Saňa näme boldy, dagym –
– Gaýam saňa näme boldy?

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *