,

“Haýyşym…” Sapa HOMMADOW

Haýyşym

Ýyldyrym çakdyryp göreçlerimde,
Aladaly gabat gelýäň ýygydan
Hemem gursagymy otlap goýberýäň.
(Bagtyň bolsun, geçmişimi ýylydan!)

Käte hal-ýagdaýyň sorasym gelýär,
Artyk zadam islämok-la men indi.
Sebäp, birçak boýun aldym söýginiň
Seň eýeli ýüregiňde sönenni.

Ýöne meň gursagym sowabermedi,
Gün-günden örç aldy tutaşan ataş.
Haýyşym: ünjüli görmäýin, dünýäm,
Maňa bagtdan dolup-daşýarkaň sataş!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *