,

Türkmenistan Türkiýe Respublikasynda geçirilýän “Korkut ata” film festiwalyna gatnaşýar

Ýurdumyzda surata düşürilen “Nejep oglan” çeper filmi şu ýylyň 8-12-nji noýabr aralygynda Türkiýe Respublikasynda geçirilýän “Korkut ata” türk dünýäsiniň film festiwalynda görkeziler. Bu barada film festiwalynyň resmi web sahypasy habar berýär.

“Korkut ata” türk dünýäsiniň film festiwaly Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ýakyndan goldaw bermeginde  geçirilýär.  Bu festiwala 13 ýurtdan köp sanly sungat işgärleri, aktýordyr aktrisalar, degişli ministrlikleriň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşar.

“Korkut ata” türk dünýäsiniň film festiwalynyň çäklerinde Türkmenistan bilen bir hatarda Gazagystan, Eýran, Wengriýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Tatarystan, Gyrgyz Respublikasy we Russiýa Federasiýasynyň köp sanly filmleri görkeziler.

Belläp geçsek, bu festiwala Türkmenistan “Nejep oglan” çeper filmi bilen wekilçilik eder. “Nejep oglan”  filmi Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürildi.

“Nejep oglan” çeper filmi 9-njy noýabrda “Emek” kinoteartynda tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler.

Annageldi BÄŞIMOW,

D.Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *