,

“McDonald’s” Amerikada işçi güýjüniň ýetmezçiligi sebäpli 14 ýaşly çagalary işe alýar

ABŞ-nyň Oregon ştatynda ýerleşýän “McDonald’s”  restorany 14 we 15 ýaşly çagalary iş ýetmezçiligine salgylanyp, iş üçin ýüz tutmaga çagyrýar. Iş üçin ýüz tutmalaryň bardygyna garamazdan, käbir raýatlar bu ýagdaýa nägilelik bildirdiler.

Restoranyň operatory Heather Kennedi “Business Insider -e özüniň we maşgalasynyň 40 ýyl töweregi wagt bäri “McDonald’s”-y dolandyrýandygyny emma entäk beýle işgär ýetmezçiliginiň bolmandygyny aýtdy. Kennedi iň pes aýlyk hakyny ýokarlandyrandygyna garamazdan, işçi güýjüniň ýetmezçiligini aýtdy we şonuň üçin ýaşlary işlemäge çagyrdy. Häzirki wagtda 25-den gowrak arza kabul edildi.

Jennet KERIMBERDIÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *