,

Howanyň hapalanmagy, adam ömrüni 9 ýyla çenli gysgaldyp biler

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň teklipleriniň çäginde global howanyň hapalanmagynyň derejesiniň peselmeginiň ortaça ömrüňi 2,2 ýyl ýokarlandyryp biljekdigi kesgitlenildi. Hindistanda howanyň hapalanmagy howply derejelere ýetip, millionlarça adamyň ömrüni 9 ýyla çenli gysgaldyp biljekdigi habar berildi.

Çikago uniwersitetiniň Energetika syýasaty instituty tarapyndan neşir edilen gözleg, takmynan 1,3 milliard ilatyň ýagny tutuş hindi ilatynyň howply hapalanma derejesine duçar bolandygyny ýüze çykardy. Hindi hökümeti 2024-nji ýyla çenli howanyň hapalanmagyny 30 göterim azaltmak üçin 2019-njy ýylda milli arassa howa kampaniýasyna başlady. Göz öňünde tutulýan gözlegde howanyň hapalanmagynyň esasanam ýurduň günbatar bölegindäki Maharaştra we ýurduň merkezi bölegindäki Madhýa-Pradeş şäherlerinde hasam erbetleşendigi aýdyldy.

Gülnur BAÝRAMMYRADOWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *