,

Tehnologiýa kompaniýalary indi has köp salgyt tölärler

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) iri kompaniýalara salgytdan gaça durmagy kynlaşdyrjak halkara şertnamanyň 136 ýurt tarapyndan kabul edilendigini habar berdi. Täze gol çekilen şertnama laýyklykda dünýädäki salgyt derejesi 15% hökmünde kesgitlenildi. Täze şertnama käbir tankytlary hem getirdi.

Uly tehnologiýa kompaniýalary salgydy az salýan döwletlerde öz harydy satýardy we aşa çykdaýjydan gutulýardy. “OECD” ýurtlary tarapyndan gol çekilen şertnama bilen dünýädäki salgyt derejesi 15% hökmünde kesgitlenildi.

Täze karardan soň kompaniýalar ösmedik ýurtlara maýa goýmak bilen pes salgyt mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmezler we öňkülerinden has köp salgyt tölärler. Täze düzgün hökümetler we maýadarlar tarapyndan tankyt edilýär.

Resul ANNASARYÝEW,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *