,

“Instagram” birnäçe sagatlap oturan ulanyjylaryna duýduryş berer

Ýaşlaryň arasynda meşhur bolan “Instagram” ulanyjylar üçin täze bir aýratynlygyň üstünde işleýändigini habar berdi.

 “Facebook”-yň ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan Nik Kleg “Instagram” üçin täze aýratynlyklaryň döredilýändigini habar berdi. Aýdylanlara görä, “Instagram” ulanyjylara ýakyn wagtda “Dynç alyň!” diýen duýduryşy berer. Şeýlelik bilen, “Instagram”-da birnäçe sagat oturan ulanyjy muny biler.

Bu aýratynlygyň jemgyýet tarapyndan nähili kabul ediljegi entäk belli däl. Sebäbi sosial mediýa sarp edilýän ortaça wagt günsaýyn artýar.

Aýjeren BERDIÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *