,

Kosmosda film surata düşüren “Soýuz MS-18” kosmos gämisi Ýere gaýdyp geldi

“The Challenge” atly ilkinji kosmos filmini surata düşürmek üçin giden aktrisa Ýulia Peresild we filmiň režissýory Klim Şipenko şeýle-de 191 gün bäri kosmosda bolan kosmonawt Oleg Nowitskiý “Soýuz MS-18” kosmos gämisi bilen17-nji oktýabrda irden Ýere gaýdyp geldiler.

Bu filmde Halkara kosmos stansiýasyna (ISS) baryp, kosmos stansiýasynda näsag kosmonawty bejermek üçin kosmos stansiýasyna giden rus lukmanynyň hekaýasy gürrüň berilýär.

Filmi düşürýän toparyň aýtmagyna görä, “Soyuz MS18” kosmiki gämisiniň hereketlendirijileri synagdan geçirilende, hereketlendirijiler birden ot aldy we gözegçilikden çykdy we gysga wagtyň içinde gözegçilik astyna alnan näsazlyk sebäpli Halkara kosmos stansiýasyna biraz zeper ýetipdir.

Ähli kynçylyklara garamazdan ýörite topar Ýere gaýdyp gelmekligi başardy. Olar Moskwanyň ýerli wagty bilen 12:35-de Gazagystanyň oba ýerleriniň birine gondy.

Aýşirin ALIÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *