,

Islandiýada howadan kömürturşy gazyny aýyrýan iň uly desga açyldy

Global ýylylyk sebäpli dünýä betbagtçylyga tarap barýarka, hünärmenler planetamyzy halas etmegiň ýollaryny gözleýärler. Bu nukdaýnazardan howadan kömürturşy gazyny aýyrýan we ýer astyna depolaýan dünýäniň iň uly desgasy Islandiýada işe başlady. Desganyň her ýyl atmosferadan 4000 tonna kömürturşy gazyny çykarmagyna garaşylýar, bu takmynan 790 awtoulagyň zyňyndylaryna deňdir.

Bu desga “Orca” atly sekiz sany uly gapdan ybarat bolup, howadan kömürturşy gazyny aýyrmak üçin süzgüçleri we konteýnerleri ulanýar. Kömürturşy gazy suw bilen garylyp, ýeriň aşagyna goýberilýär. Bu amaldan soň toplanan kömürturşy gazy kem-kemden gaty daşa öwrülýär.

Sona ABDYRAHMANOWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *