,

2022-nji ýylda Daniýada dünýäniň iň beýik ýel turbinasy gurular

Ýel turbinalaryny öndürmekde öňdebaryjy “Vestas” şereketi Daniýada iň uly ýel turbinasynyň gurluşygyna başlady. Bu ýel turbinalary dünýäniň iň uzyn ýel turbinasy bolar. Desganyň ýarym gurluşygy şu ýyl amala aşyrylyp galan bölegi bolsa 2022-nji ýylda gurular.

“Vestas” tarapyndan berlen beýanatda bu ýel turbinalaryň uzynlygy 280 metr boljakdygy we ýylda 80 gigawat sagat elektrik öndürip biljekdigi aýdyldy.

Mundan başga-da, beýanatda “Vestas” şereketiniň hem gurmagy meýilleşdirýän iň uly taslamasydygy aýdylýar. Guruljak ýel turbinalaryň ganat galyplary Lem şäherindäki “Vestas” ganat zawodynda işlenip düzüldi. Olaryň uzynlygy 115,5 metr bolar.
Taslamanyň meýilnamasyna görä ýel turbinalary Daniýanyň demirgazygyndaky Osterild sebitinde gurular.

Arzygül KURTDURDYÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *