,

“Paypal” – “Pinterest” şereketini satyn alar

“PayPal” kompaniýasy meşhur sosial ulgam “Pinterest” platformasyny satyn almak üçin gerekli çäreleri geçirýär. Bu barada entek gutarnykly bolmadyk şertnama görä, “PayPal”-yň takmynan 45 milliard dollar möçberde platformany satyn almagyna garaşylýar.

“PayPal Holdings Inc” kompaniýasy “Pinterest”-i satyn almak üçin 45 milliard dollarlyk teklip taýýarlady. Girdejisini mahabat bilen sosial ulgam platformalaryndan alnan şahsy maglumatlar bilen diwersifikasiýa etmek isleýän kompaniýa, “Pinterest”-i hem öz toruna goşmagy maksat edinýär.

Pandemiýa döwründe onlaýn söwda etmäge bolan gyzyklanmanyň ýokarlanmagy “PayPal”-a köp peýda getirdi. “PayPal” pandemiýa garamazdan oňaýly girdeji alan kompaniýalaryň arasynda öňdeligi eýeleýär.

Beýleki tarapdan, “Pinterest” hem has köp ulanyjyny we ünsi özüne çekip başlan sosial media platformalarynyň biridir.

Gülşen ATAÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.