,

“PayPal” 2,7 milliard dollara “Paidy” hyzmatyny satyn aldy

“PayPal” Ýaponiýada iň meşhur karzsyz üpjün ediji “Paidy”-ni satyn aldy. “Bloomberg”-iň habaryna görä, “PayPal” ýapon kompaniýasyny satyn almak üçin 2,7 milliard dollar tölemäge razy boldy. Satuwyň ýakyn birnäçe aýda tamamlanmagyna garaşylýar.

Göterimsiz karz hyzmatlary köp ýurtda “BNPL” diýlip atlandyrylýar. “BNPL” kompaniýalary sarp edijilere islendik önümiň satyn alnandan soň bölekleýin tölenip bilinjekdigini üpjün edip, göterimsiz karzlar hödürleýärler. Beýleki tarapdan, şular ýaly kompaniýalar girdejilerini edil kredit kartoçkalary ýaly satyjylardan alýarlar.

Gülaýym ALTYÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.