,

Google howanyň üýtgemegini inkär edýän “YouTuber”-leriň girdejisini azaldar

Täze blog ýazgysyny paýlaşan Google, howanyň üýtgemegini inkär edip pul gazanmak mümkinçiligini düýbünden ýok etdi. “Google”-da howanyň üýtgemegini ret edýän mazmun we mahabatlar ýa-da bu mowzukda “YouTube” paltformasyna ýüklenen wideolaryň girdeýjisini azaldar.

Kompaniýanyň beýanatlaryna görä, howanyň üýtgemegi inkär edilse ýa-da “YouTube”-da paýnamalarda ylmy däl esaslara esaslanýan talaplar gozgalsa, bu mazmun üçin pul gazanmak mümkinçiligi bolmaz. Şonuň ýaly-da, “Google”-da mahabatlar gadagan ediler. Kompaniýa kabul edilen kararyň giň gerimdigini we bolup geçen wakalara garamazdan howanyň üýtgemegini ret edýän ähli zadyň gadagan edilendigini aýtdy.

Kadyrberdi ÝOWŞANOW,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *