,

Dünýäniň iň ygtybarly “Android” smartfony tanyşdyryldy

Dünýäniň iň ygtybarly “Android” smartfony bolan “NitroPhone” telefony tanyşdyryldy. Enjam “Pixel 4a” esasly we “GrapheneOS” operasiýa ulgamynyň kömegi bilen doly gizlinligi we maglumatlary goramagy üpjün edýär. Bu smartfonyň kiberhowpsuzlyk pudagyndaky hünärmenler tarapyndan döredilendigi habar berilýär.

“NitroPhone” içaly programma üpjünçiliginden we howpsuzlyk gowşaklyklaryndan goraýar. “GrapheneOS” bolsa ýokary gizlinlik talaplaryny üpjün edýär we “Titan”  howpsuzlyk çipi enjamy we maglumatlary çylşyrymly fiziki hüjümlerden goraýar. Şeýle hem, enjam her bir baglanyşyk üçin “MAC” randomizasiýasyny ulanýar, bu bolsa Wi-Fi skanerleriniň yzarlanmagynyň öňüni alýar.

Läle KLYÇMEDOWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *