,

Alymlar agyry kesiji dermanlary aradan aýyrjak täze bejergi usulyny tapdylar

Häzirki wagtda agyryny azaltmak üçin köplenç agyry kesiji dermanlar ulanylýar. Şeýle-de bolsa, bu dermanlaryň bejergiden başga-da köp zyýanly täsirleri bar. Alymlar agyry kesiji dermanlaryň adam bedenine hiç hili zyýan ýetirmeýän täze bejergi usulyny oýlap tapdylar tapdylar.

Şwesiýaly alymlar zyýanly täsirleri bolmazdan agyryny azaltmagyň täze usulyny tapdylar. Bu usulyň kömegi bilen agyry kesiji serişdeleriň soňy bolup biler diýlip çaklanylýar. “Science Advances” žurnalynda neşir edilen makala görä täze oýlanylyp tapylan usul “Lund” diýlip atlandyrylýar. Täze usul laboratoriýada syçanlaryň üstünde tejribe geçirilip görüldi we oňaýly netijeler alyndy.

Bu usula görä, agyrylaryň köpüsi fiziki we akyl näsazlyklary bilen baglanyşykly bolup durýar. Eger duýgulara gözegçilik edip başarylsa bu agyrylaryň hem öňüni alyp bolar diýlip çaklanylýar.

Oraztäç REJEPOWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.