,

Ýaponiýanyň garry ilatynyň umumy ilat bilen gatnaşygy 29 göterimden geçdi

65 ýaşdan uly ilatyň Ýaponiýanyň umumy ilatyna bolan gatnaşygynyň 29,1 göterime çenli ýokarlanandygy we bu gatnaşygyň ýurduň işçi güýjüniň 13,6 göterimini emele getirýändigi habar berildi.

Ýaponiýanyň Içeri işler we aragatnaşyk ministrligi her ýylyň sentýabr aýynyň üçünji duşenbesinde bellenilýän “Garrylar gününe hormat” sebäpli ýurduň 65 ýaşdan uly ilatynyň maglumatyny täzeledi. Soňky maglumatlara görä, Ýaponiýada 65 ýaşdan uly ilat geçen ýyl bilen deňeşdirilende 220 müň köpeldi we 36,4 milliondan geçdi. Bu görkeziji täze rekord hökmünde hasaba alyndy.

Sabyr HUDAÝBERDIÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.