,

“Tesla” iň arzan elektrikli awtoulag üçin işe başlady

“Tesla” elýeterli elektrikli awtoulagynyň üstünde işleýändigini tassyklady. Ulagyň haýsy dizaýna eýe boljakdygy, takyk haçan çykaryljakdygy belli däl. Elektrik ulaglaryny öndürýän ägirt uly kompaniýa “Tesla”, kärdeşlerine garanyňda has arzan awtoulagyň üstünde işlemäge başlady. Takmynan 25 müň dollar töweregi diýlip çak edilýän ulagyň 2023-nji ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýandygyna garamazdan, kompaniýa tarapyndan takyk senesi kesgitlenmedi.

Rus awtoulag platformasy “Kolesa”, “Tesla EV”-iň nähili bolup biljekdigi barada dizaýnyny çap etdi. Bu täze model, “Tesla” satuw bahasyndan “Opel Corsa E” ýa-da “Renault Zoe” ýaly elektrik ulaglary bilen bäsleşer.

Gülsoltan ILMÄMMEDOWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.