,

“Microsoft” Hytaýda “LinkedIn”-i ýapýar

“Microsoft”, Hytaýdaky iş şertleri we berk düzgünler sebäpli “LinkedIn”-i ýapjakdygyny mälim etdi.

Beýleki tarapdan, kompaniýa “LinkedIn”-iň ornuny tutjak “InJobs” atly täze programmasyny döretdi.

“LinkedIn”-iň beýlekiler bilen aragatnaşyk gurmak ukybyny saklaýan “InJobs”-yň sosial paýlaşma mümkinçilikleriniň bolmazlygy mälim edildi.

“Microsoft” tarapyndan 2016-njy ýylda satyn alnan “LinkedIn” mart aýynda ýurtda täze agzalar toplamagy bes etdi, Hytaý bolsa maý aýynda “Microsoft”-yň “Bing” gözleg motorynyň we “LinkedIn”-iň ulanyjy maglumatlaryny nädogry ulanýandygyny anyklady we meseläniň çözülmegini isledi. Şol sebäpli hem “Microsoft” “LinkedIn”-i ýapjakdygyny mälim etdi.

Belläp geçsek, 2010-njy ýylda “Google” Hytaýdan “YouTube”-y hem çykarypdy.

Güljemal ATAÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *