,

Hytaýda suw joşmalary kömüriň rekord derejä ýetmegine sebäp boldy

Hytaýda kömüriň bahasy şu aý täze rekord derejä ýetdi. Esasy kömür öndüriji Şanhi welaýatynda bolan suw joşmalary üpjünçiligiň berkligini güýçlendirdi we Pekiniň elektrik bahalaryny liberallaşdyrmak baradaky täze başlangyçlary elektrik öndürijileriniň islegini ýokarlandyrdy.

Dünýäde iň uly kömür sarp ediji Hytaý, ýangyç ýetmezçiligi sebäpli ýokarlanýan energiýa krizisine garşy göreşýär. Elektrik öndürijiler we beýleki kömür sarp edijiler, senagat desgalarynda elektrik islegini dolandyrmak üçin birnäçe ädimleri ätdi.

Şu ýylyň dowamynda Hytaýyň 60-dan gowrak kömür känini suw basdy. Bularyň aglabasyna yzygiderli ýagýan ýagyş sebäp boldy. Netijede kuwwaty 4,8 million tonna bolan kömür känleri ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi.

Laçyn RAHMANOWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *