,

“Toyota” önümçiligi 15 göterim azaldar

Bütin dünýäde smartfonlara we planşetlere, 5G tor enjamlaryna we oýun konsollaryna çiplere bolan islegiň artmagyndan soň awtoulag öndürijileriniň çip ýetmezçiligi dowam edýär.

Ýapon  öndürijisi “Toyota Motor”-yň beren beýanyna görä, çip ýetmezçiligi we COVID-19 sebäpli üpjünçiligiň kesilmegi sebäpli öň 2021-nji ýylyň noýabr aýynda takmynan 1 million diýlip yglan edilen önümçiligini 15 göterim azaldar. Şoňa laýyklykda noýabr aýynda dünýäde azyndan 850 müň ulag öndüriler. 2020-nji ýylyň noýabr aýynda bu görkeziji 830 müň töweregi boldy.

Önümçiligiň 50 müňi Ýaponiýanyň içinde, galanlary daşary ýurtlardaky zawodlarda öndüriler. Şeýle hem, “Toyota” kompaniýasynyň beýanynda “noýabr aýynda öndürilen önümçilik meýilnamasy uýgunlaşdyryldy, sebäbi bölekler bilen üpjün etmek meselesi dowam edýär we öňki önümçilik defisitiniň öwezini dolup bolmaýar” diýlip bellenilýär.

Keşdegül DÖWLETOWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *