,

Iň gadymy adam aýak yzlary tapyldy

Adamzadyň şu güne nädip gelendigi we gelýänçä nähili üýtgeşmeler başdan geçirendigi entek belli däl. Ýöne gözlegçiler garaňky döwri ýagtylandyrmak üçin yzygiderli işleýärler. Bu ugurdaky gözleglerde tapylan käbir yzlar, şu wagta çenli tapylan iň gadymy aýak yzlary hasaplanýar.

Ýörite düzülen gözleg topary 2017-nji ýylda Gresiýanyň Krit adasyndaky bir kenarda, gadymy jandar tarapyndan 5,7 million ýyl mundan ozal galan 50-den gowrak aýak yzy tapyldy. Şu hepde neşir edilen gözlegde, analiz edilen aýak yzlarynyň 6,5 million ýyl köne bolup biljekdigi we onuň jandar däl-de adamyň aýak yzylygyny öňe sürýär.

Gözlegler bu aýak yzlarynyň biziň  ata-babalarymyza degişlidigini çaklaýar. Aýak yzlarynyň adamyňka meňzeş bolmazlygy bolsa ilkinji adamlaryň beden gurluşynyň şuwagtkydan has üýtgeşik bolandygyny aňladýar. Wagtyň geçmegi bilen ewolýusiýanyň netijesinde adam bedeni kämilleşip häzirki durkuny alypdyr diýip gözlegi geçiren adamlar belleýärler.

Ysmaýyl ANNAGULYÝEW,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *