,

Gün ulgamyndaky iň uly 42 meteoritiň suratlary paýlaşyldy

Gözlegçiler gün sistemamyzdan tapylan 42 sany iň uly meteoritiň jikme-jik gözlegini geçirdiler. Bu meteoritleriň käbiri geljekde planetamyz üçin howp döredip biler.

Älemde milliardlarça planetalar we meteoritler bar. Bu meteoritleriň käbiri gün sistemamyzda we olaryň hersi bir gün planetamyz üçin howp döredip biler.

Bu meteoritleriň käbiri kiçi, beýlekileri bolsa gaty uly. Gözlegçiler topary iň uly 42 meteoriti synladylar we sanap geçdiler we bu meteoritleri gaty dury ýagdaýda surata düşürmegi başardylar.

Günorta Ýewropa obserwatoriýasyny ulanýan halkara astronomlar topary tarapyndan ýazylan 42 meteoritiň hemmesi Mars bilen Ýupiteriň arasyndaky asteroid guşagynda ýerleşýär. Meteoritleriň diametri 100 km bilen 940 km arasynda üýtgeýär. Bu täze gözlegiň netijesinde, planetamyza howp abandyryp biljek meteoritleriň 3D modelleri hem öndürildi.

Aýlar ÖWEZOWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *