,

Aňymyzdaky islenilmeýän wakalary aradan aýyrjak bir belok tapyldy

Kembrij uniwersitetiniň gözlegçiler topary aňdaky maglumatlary üýtgetmegiň mümkinçiligi barada gözleg geçirdi. Alymlar aňymyzdaky erbet ýatlamalary aradam aýyrjak bir belok tapdylar. Tapylan belok eger lukmançylykda ulanylyp bilinse, onda erbet trawma alan adamyň aňynda galan erbet ýagdaýlary şeýle-de näsazlyklary bejerip bolar.

Gözlegçiler adam ömrüne täsir edýän erbet ýatlamalary aradan aýyrmagyň ýollaryny birnäçe wagt bäri gözleýärler. Dürli usullar bilen dürli gözlegler geçirilse-de, şu wagta çenli anyk çözgüt tapylmady. Kembrij uniwersitetiniň alymlary islenilmeýän wakalary ýatdan çykarmaga kömek eder diýlip çaklanylýan bir belok tapdylar. Tapylan belok netijesinde geljekde akyl we ruhy taýdan näsazlyklary bolan adamlary bejerip bolar diýlip çaklanylýar.

Ruslanbek SAPAROW,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *