,

Metal iýýän bakteriýa tapyldy

Alymlar iýmit hökmünde metal iýýän bakteriýany tapyldy. Göz öňünde tutulýan bakteriýalar, metaly iýmek arkaly marganes oksidiniň emele gelmegine getirýärler. Kaliforniýa Tehnologiýa Institutynda (Caltech) geçirilen mikrobiologiki synaglar tötänleýin iýmit hökmünde metal iýýän bakteriýanyň tapylmagyna sebäp boldy.

Täze açylan bakteriýanyň beýlekilerden tapawudy metaly iýmekligi we netijede marganes oksidini emele getirmekligi bolup durýar. Alymlar ozal şeýle bakteriýanyň barlygy barada dürli teoriýalary öňe süren hem bolsalar, anyk netijeleri alyp bilmediler.

Alymlar bu bakteriýalaryň metaly iýip soňundan emele getirýän marganes oksidini ylmyň käbir pudaklarynda gaýtadan işlemek arkaly ulanyp boljakdygyny aýdýarlar.

Ejegül AMANOWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.