,

“IKIMIZDEN YBARAT” Kakamyrat REJEBOW

“IKIMIZDEN YBARAT”

Ýagmyry kalbynda galan,
Bir ötegçi bulutdyňmy?!
Güýzler bilen dolanaryn –
Diýeniňem unutdyňmy?

Ýaşap ýörün salgym bolup,
Arasynda sowallaryň.
Ýaksana söýgiň oduny,
Üşemesin hyýallarym.

Arzuwlara ölçeg ýetmez,
Ömür bolsa azajykdyr.
Ykbal gämim umman kibi,
Gözleriňde azaşypdyr.

Ýaşlygymy päk söýginiň,
Dergähine zyýarat bil!
Hem käteler hyýalyňda,
Bu dünýäni, diňe-diňe,
Ikimizden ybarat bil!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *