,

“Whatsapp”, “Instagram” we “Facebook” ýaly platformalar 7 sagatlap işlemedi

“Whatsapp”, “Instagram” we “Facebook” ýaly platformalar 7 sagatlap işlemedi

 “Whatsapp”, “Instagram” we “Facebook” ýaly sosial media platformalaryna girmekde bütün dünýäde kynçylyk döredi. 4-nji oktýabr öýlän sagat 18:00-dan soň işlemesini bes eden platformalar, 5-nji oktýabr gije 01:00-da täzeden hyzmat edip başlady. 7 sagatlap işlmedik “Facebook”-yň paýnamalary 5%-den gowrak ýitgä sezewar boldy we 2 milliard adam 7 sagatlap girip bilmedi.

Her gün 2 milliard töweregi işjeň ulanyjysy bolan “Facebook” -yň paýnamalary hepdäniň ahyrynda habar berilmegine görä söwdasynda 5,3 göterim pese gaçdy. Bu kompaniýanyň häzirki wagta çenli iň uly ýitgisi boldy.

Belläp geçsek, “Facebook” 2014-nji ýylda “WhatsApp” onlaýn habarlaşma programmasyny 19 milliard dollarlyk şertnama bilen satyn aldy. Kompaniýa 2012-nji ýylda “Instagram”-y hem 1 milliard dollara satyn aldy.

Zybagül ORAZALYÝEWA,

D.Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *