,

ABŞ-da 23-den gowrak jandar görnüşi ýitip ýok boldy

Adamzadyň alyp barýan işleriniň netijesinde ýüze çykýan global ýylylyk we ýaşaýyş ýerleriniň weýran bolmagy sebäpli ekosistema üçin möhüm bolan haýwanlar ýitip ýok bolýar. ABŞ-nyň balyk we haýwanat dünýäsi gullugy jemi 23-den gowrak jandar görnüşiniň ýok bolandygyny habar berdi. Ýitip ýok bolan jandarlaryň içinde 11 guş, 1 ýarganat, 2 balyk, 1 ösümlik we 8  sany balykgulak görnüşleri bar.

Amerikanyň tebigaty we daşky gurşawy goramak boýunça alymlar topary ýitip ýok bolan jandar görnüşlerine sebäp bolýan zadyň global biodürlülik, adamlaryň tebigata ýetirýän zyýany, daşky gurşawyň hapalanmagy, global ýylylyk ýaly meseleleri agzap geçdiler. Häzirki wagtda alymlar nesli tükenmek howpy abanýan jandarlara ýokary derejede ideg edýärler.

Göwher NURMUHAMMEDOWA,

D.Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *