,

Kino muzeýi açyldy

Kinofilm sungaty we ylymlar akademiýasy tarapyndan düýbi tutulan Kinofilmler muzeýi, 92 ýyllyk taýýarlykdan soň ahyrsoňy gapylaryny açdy. Kino pudagynyň taryhyna bagyşlanan muzeýe ilkinji gezek dünýä belli ýyldyzlary kabul etdi.

Kinofilm sungaty we ylymlar akademiýasy 1929-njy ýylda ilkinji Oskar baýragyny alandan soň, Los Anjeles filmlerine kinofilm pudagynyň esaslaryny görkezmek üçin kino muzeýine taýýarlyk görüp başlady.

Taryhda kino pudagy bilen baglanyşykly möhüm eserleri saklamak üçin döredilen muzeýe taýýarlyk takmynan 92 ýyl dowam etdi we gymmatly eserleri öz içine alýan muzeý ilkinji gezek uly gala bilen gapylaryny açdy.

Aslynda, muzeýiň açylyş senesi 2017-nji ýylda kesgitlenildi, ýöne taýýarlyklary wagtynda ýerine ýetirip bilmezlik Kino film akademiýasy muzeýiniň açylan senesini erbet ýagdaýa saldy. Pandemiýanyň täsiri bilen adamlaryň ýene bir gezek yza süýşürilen muzeý baradaky pikirleri hiç haçan açylmajak derejede haýal üýtgäp başlady.

Köpden bäri garaşylýan Kino film akademiýasynyň muzeýi ahyrsoňy açyldy.

Tahyr ÇARYÝAROW,

D.Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *