,

“”HEMRAHYM”/Aýdym

Aýdym
HEMRAHYM

Agalaryň seniň üçin iberdim,
Sen-de otlar salma jana, Hemrahym!
Bilbilden zyýada boldy bu derdim,
Meni goýduň ýowuz güne, Hemrahym!

Ozal köýdüm, on dört ýaşa geldi diýp,
Oglanlarmyň peýmanasy doldy diýp,
Guwandym men size, ölmän galdy diýp,
Jyda tygyn çekdiň jana, Hemrahym!

Käşki başda görmegeýdim bu düýşi,
Eşitmeýdi menden muny hiç kişi,
Çünki indi çeker boldum käýişi,
Jyda tygyn çekdiň jana, Hemrahym!

Ne müşgildir, meniň pendim almasaň,
Gan aglaýyp, gal diýemde galmasaň,
Mundan gidip, üç aýa çen gelmeseň,
Çolanar men kepen dona, Hemrahym!

Hysrow aýdar, kimge tagtym bereýin?
Seň baryňda bäş gün döwran süreýin,
Ölýänçäm myhman men, ýüzüň göreýin,
Nesihatym budur saňa, Hemrahym!

Hüýrlukga-Hemra” dessanyndan.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *