,

“GAL INDI”

Aýdym
“GAL INDI”

Göçdi köňlüm, menziline ýetişdi,
Gal, maralym, Selbinýazym, gal indi.
Belent-belent daglar araga düşdi,
Gal, maralym, Selbinýazym, gal indi.

Gahba pelek nije işler gaýyrdy,
Aç gözlerim toprak bile doýurdy,
Seni menden, meni senden aýyrdy,
Gal, maralym, Selbinýazym, gal indi.

Gara zülpüň ujun ör seň-örmeseň,
Hoş gal indi, ýene görseň, görmeseň,
Meniň bile döwran sürseň-sürmeseň,
Gal, maralym, Selbinýazym, gal indi.

Alty nedir, ýedi nedir, bäş nedir?
Kowum nedir, gardaş nedir, hyş nedir?
Gözleriňden akan ganly ýaş nedir?
Gal, maralym, Selbinýazym, gal indi.

Aşyk Hemra düşdi yşkyň ýoluna,
Sonalar gark olar eşkim kölüne,
Baş goýmuşam han Saýadyş ýoluna,
Gal, maralym, Selbinýazym, gal indi.

“Saýatly-Hemra” dessanyndan.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *