,

Ylma görä: Ilkinji duşuşygyň soňky bolmazlygy üçin ýerine ýetirmeli zatlar!

Ilkinji duşuşykda garşyňdaky tarapa nähili hereketler oňaýly täsir edýär? Ilkinji duşuşykda etmeli ýa-da etmeli däl hereketleriňizi biz bu makalada jemledik!

Üns berip okaň! Ýörite siz üçin..

Zenanlar (gyz-gelinler) söhbetdeşlik duranda garşydaky tarapyň söze başlamagyna garaşýar.

  • Gyz-gelinler, esasanam söhbetdeşlik birdenkä tamamlananda, başga täze temalaryň (mowzuklaryň) ara alnyp maslahatlaşylmagyny isleýärler. Şonuň üçin garşydaky tarap gyzykly we özüne çekiji temalardan gürreň etmegi maslahat berýäris.

Gözüňizi uzak wagtlap şol bir seredýän ýeriňizde saklamaň, size ýalňyş düşünmegi mümkin.

  • Alymlaryň pikirine görä, bir ýerde gözüňizi uzak wagtlap saklasaňyz garşy tarap bir kemçilik barmyka diýen ters pikire girýär we siz bilen uzak wagtlap söhbetdeşlik etmekden çekinip ol ýerden uzaklaşýar.

Ilkinji bakyş, pikir edişiňizden has möhümdir!

  • Möhüm iş söhbetdeşliginde ýa-da ilkinji duşuşykda bolsaňyz hem beýleki tarapda eden ilkinji bakyşyňyz has möhümdir. Bakyşyňyz ýürege ýakymly, näzik, özüňe ynamly we şadyýan bolmaly.

Ilkinji duşuşygyň iň soňky bolmagyny islemeýän bolsaňyz, hoşlaşanyňyzda fiziki taýdan gatnaşyk ediň!

  • Gözlege görä, zenanlar hoşlaşanda fiziki aragatnaşyga (gujaklamak, öpmek) esaslanyp, ýoldaşynyň ýene duşuşmak isleýändigini ýa-da isleginiň ýokdugyny bilýärler. Şonuň üçin ilkinji duşuşygyň iň soňky bolmagyny islemeýän bolsaňyz, fiziki taýdan gatnaşyk saklaň!

Garşy tarapy halaýan bolsaňyz, hoşlaşanyňyzda el gysyşmaň ýa-da eliňizi galgadyp sagbollaşmaň!

  • El gysylyp ýa-da el galgadyp sagbollaşylanda esasan yza gaýdyp gelmezlik ýa-da ýene duşuşmak islemeýändigi ýaly pikir döreýär. Elbetde bu iş görüşmesinde bolup biler.

Ilkinji duşuşykda zenanlar gürreňiň temasyny geljekki günlerden, erkekler bolsa jyns gatnaşyklaryna getirmegi halaýarlar.

  • Geçirilen gözleglere görä, iki tarap (jyns) bir-biregi halasa haýsy temalar barada gürleşjekdigi aýan edildi. Bu gözlegde zenanlar, geljekki günler, boljak wakalar bilen gyzyklansa beýleki tarap (erkekler) bolsa mowzugy jyns gatnaşyklaryna getirmegi halaýarlar.

8 Replies to “Ylma görä: Ilkinji duşuşygyň soňky bolmazlygy üçin ýerine ýetirmeli zatlar!”

  1. Admin, sayd-a gowy eken. Munda tasirli tasirli goshgylary, kicirak, kicirak gyzykly hekayalary, onsoñam Oguljennet Bashimowanyñ romanlaryndan yzygiderli nolekleri goyup dursañyz gaty gowy bolardy.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *