,

Pişikler näme üçin eýeleri bilen hajathana ýa-da hammama girmek isleýär?

Pişikler ýakymly jandarlar bolsa-da, adamlarda düşünmek kyn bolan köp “geň” häsiýetleri bar. Alymlar pişikler hakda köp syrlary düşündiren hem bolsalar, ýöne entäk ýene bir soragy jogaplamadylar. Ol hem pişikleriň näme sebäpden eýeleri bilen hajathana ýa-da hammama girmek isleýänligidir. Eger siziň pişigiňiz bar bolsa hammama gireniňizde, pişigiňiziň gapyny dyrnaçaklap çyzan wagtyna gabat gelensiňiz.

Öý eýeleri bilen suwa düşmek islegi öý pişikleriniň hemmesinde diýen ýaly umumy häsiýet bolsa-da, alymlar bu hadysany düşündirip bilmediler. Pişik bilen baglanyşykly gözlegçi Mikel Delgado, alymlaryň bu meselede henizem jogabynyň ýokdugyny, ýöne käbir pikirleriniň bardygyny aýtdy.

Delgadonyň pikiriçe, biz öýde wagtymyz haýsydyr bir iş bilen meşgullanýarys we bütinleý pişiklere ünsi jemläp bilmeýäris. Ýöne adatça hammama ýa-da hajathana girjek bolanymyzda passiw bolanymyz üçin, pişikler ünsi özüne çekýärler.

Meşhur biolog “Imogene Cancellare” pişikleriň bu geň hereketiniň ýeke-täk sebäbi ünsi özüne çekmek islegi diýip belleýär. Şeýle-de bolsa pişikler alymlar üçin iň näbelli jandarlar bolmagyny dowam etdirýärler.

Günleriň birinde biz Marsda ýaşaýyş döredip ýa-da ýagtylygyň tizliginden geçip bileris, emma şonda-da pişikler älemiň uly syry bolup galar!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *