,

Näme üçin sereden islendik ýerimizden adam ýüzüni görýäris?

Alymlar dürli ýerlerde adam ýüzlerini görmegimiziň sebäbini ýüze çykarýan gözleg geçirdiler. Gözlegiň maksady beýniniň adam ýüzüni we “adamyň ýüzüne meňzeş zatlary” kesgitlemek prosesi bilen birmeňzeşdigini ýa-da däldigini anyklamakdy.

Aslynda, bu zatlary näme üçin adam ýüzi bilen deňeşdirýändigimiz barada möhüm bir jogap bar. Adam ýüzlerini kesgitlemek jemgyýetçilik gatnaşyklarymyz we ädimlerimizi çaklamak üçin gaty möhümdir. Şonuň üçin beýnimiz adam ýüzlerini we aňlatmalaryny kesgitlemek üçin örän çalt hereket edýär. Şol sebäpli hem beýni göze we buruna meňzeş islendik zady şol bir wagtyň özünde kesgitläp adam ýüzüne meňzeşdigini ýüze çykarýar.

17 adamda geçirilen bu gözlegde alymlar meýletinlere hakyky adam ýüzleriniň we adam ýüzüne meňzeýän zatlaryň şekillerini görkezdiler. Beýnimiz hakyky adam ýüzüni we adam ýüzüne meňzeş zatlary kesgitlemekde iki ýagdaýda-da birmeňzeş nerw ulgamlaryny ulanýar. Bu bolsa aslynda adam ýüzi däl zatlary görenimizde hem ony adam ýüzi hökmünde kabul edýändigini görkezýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *